Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Saraýlarynda syrtlanlar, köşklerinde şagallar uwlaşar; Babylyň soňy ýakyndyr, onuň günleri uzak bolmaz. Meniň agzymdan çykýan sözüm-‑de şeýle bolar; Ol Maňa boş gaýdyp gelmez, maksadymy ýerine ýetirer, etsin diýip iberen işimde üstünlikli bolar» Reb diýýär. «Eý, ynsan ogly! Sen pitneçi halkyň arasynda ýaşaýarsyň, olaryň görmäge gözleri bar, ýöne görmeýärler, eşitmäge gulaklary bar, ýöne eşitmeýärler, çünki olar bir pitneçi halkdyr. Munuň üçin olara Hökmürowan Rebbiň sözüni ýetir: „Meniň sözlerimiň hiç biri indi gaýra goýulmaz, näme aýtsam, şol söz amala aşar“». Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr. Başymyzdan äpet bela-beterler inderjekdigi barada Onuň bize we üstümizden höküm sürýän baştutanlarymyza aýdan sözleri berjaý boldy. Iýerusalimiň başyna inen bela gögüň astyndaky hiç bir şäheriň üstünden hiç haçan inmändi. «Milletlere serediň! Haýran galyň! Siziň günleriňizde etjek işimi eşideniňizde, gulagyňyza ynanmarsyňyz.
Выбор основного перевода