Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hudaý ynsan däl ahyryn, ýalan sözlär ýaly. Ol adam ogly däl, pikirini üýtgeder ýaly. Heý, Onuň beren wadasynyň, aýdan sözüniň bitmedigi barmy? Şamuwel ulalýardy. Onuň aýdanlarynyň ählisi hakykat ýüzünde berjaý bolýardy, çünki Reb onuň bilendi. Rebbiň kitabyndan okap agtaryň: bulardan hijisi-de kem bolmaz, hiç biri öz jübütini ýitirmez. Muny Reb buýurdy, Onuň Ruhy olary üýşürdi. Olar ‘Rebbiň sözi’ diýip, boş görnüşlere we ýalan pallara uýdular. Olary Reb ýollamady, emma şonda-da sözleriniň amala aşmagyna umyt baglaýarlar. Men aýtmadyk hem bolsam, ‘Rebbiň sözi’ diýeniňizde, boş görnüşler görüp, ýalandan pal atmadyňyzmy?“. Munuň üçin siz indi ýalan görnüşler görmersiňiz we palçylyk etmersiňiz. Men halkymy siziň eliňizden halas ederin. Onsoň siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz“». Şol gün Men ýurtdan butlaryň atlaryny öçürip taşlaryn. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr. Mundan beýläk olar ýatlanylmaz. Ýalan pygamberleri-de, erbet ruhy-da ýurtdan çykararyn. Eger kimdir biri ýene pygamberlik edäýse, ata-enesi oňa: «Sen diri galmarsyň, sebäbi Rebbiň adyndan ýalan sözleýärsiň» diýer. Ol pygamberlik edende, ata-enesi ony pyçaklar. Şol gün her bir pygamber pygamberlik edýän wagtynda görnen görnüşlerden utanar, adamlary aldamak üçin pygamberleriň ýüň donuny geýmez.
Выбор основного перевода