Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Galanyň diwarynyň bir bölegi duşman tarapyndan ýykylypdy. Babyllylar galanyň daş-töweregini gurşap alan bolsalar-da, Sidkiýa ähli esgerleri bilen gije patyşanyň bagynyň gapdalyndaky iki diwaryň arasyndaky derwezeden çykyp, Iordan deresine tarap gaçyp gitdiler. Emma babyllylaryň goşuny patyşanyň yzyndan kowup, Ýeriho düzlüginde yzyndan ýetdi. Patyşanyň bar goşuny onuň ýanyndan gaçyp, dagaşyp gitdiler. Onsoň babyllylar patyşany tutup, Ribla getirdiler. Şol ýerde Babyl patyşasy oňa höküm çykardy. Olar Sidkiýanyň ogullaryny onuň gözüniň alnynda öldürdiler. Onsoň olar şol ýerde Sidkiýanyň gözlerini oýdular-da, zynjyr bilen baglap, Babyla alyp gitdiler. Olaryň gözleriniň alnynda goşuňy gerşiňde göter-de, garaňkyda çyk, bu ýurdy görmez ýaly ýüzüňi büre, çünki Men seni ysraýyl halky üçin bir alamat etdim». „Ezekiýel siziň üçin bir alamat bolar, ol näme eden bolsa, sizem şony edersiňiz. Bu hadysalar ýüze çykanda, siz Meniň Hökmürowan Rebdigimi bilersiňiz“».
Выбор основного перевода