Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Galanyň diwarynyň bir bölegi duşman tarapyndan ýykylypdy. Babyllylar galanyň daş-töweregini gurşap alan bolsalar-da, Sidkiýa ähli esgerleri bilen gije patyşanyň bagynyň gapdalyndaky iki diwaryň arasyndaky derwezeden çykyp, Iordan deresine tarap gaçyp gitdiler. Emma babyllylaryň goşuny patyşanyň yzyndan kowup, Ýeriho düzlüginde yzyndan ýetdi. Patyşanyň bar goşuny onuň ýanyndan gaçyp, dagaşyp gitdiler. Şäheriň gabaw günleri tamamlananda, onuň üçden birini şäheriň ortasynda ýak. Beýleki üçden birini al-da, tutuş şäheriň töweregine gylyç bilen pytrat. Galan üçünji bölegini bolsa ýele sowur, Men-de gylyjymy ýalaňaçlap, olaryň yzyndan kowalaryn. Munuň üçin siziň araňyzda ata-eneler çagalaryny, çagalar bolsa ata-enelerini iýerler. Men siziň garşyňyza hökümler çykararyn we sizden diri galanlaryň ählisini ýeliň çar tarapyna dargadaryn». Siziň üçden bir bölegiňiz mergiden, ýene üçden bir bölegiňiz daş-töweregiňizdäki gylyçdan öler; beýleki üçden bir bölegiňizi bolsa ýeliň çar tarapyna sowrup, gylyjymy ýalaňaçlap, yzyňyzdan kowalaryn.
Выбор основного перевода