3
Şonuň üçin, eý, ynsan ogly, sen ýesir edip äkidilýän adam ýaly, öz goşuňy taýýarla-da, gündiziň güni olaryň gözleriniň alnynda ýola düş. Sen ýesir edip äkidilen ýaly, olaryň gözleriniň alnynda öz ýeriňden başga bir ýere göç. Olar pitneçi halk bolsalar-da, belki, muňa düşünerler.
Belki, diňlärler we ýaman ýollaryndan dönerler. Şonda Men hem olaryň pis işleri zerarly başlaryndan betbagtlyk indermek niýetimden el çekerin.
Belki, ýahuda halky başyndan indermegi niýet eden ähli bela-beterlerim hakynda eşidende, öz ýaman ýolundan döner, Men-de olaryň etmişlerini we günälerini bagyşlaryn».
Belki, olar Hudaýyň huzurynda ýalbararlar we öz ýaman ýolundan dönerler. Çünki Rebbiň bu halkyň garşysyna aýdan sözi gahar-gazapdan doludyr».
Ol özüne garşy çykýan adamlara hem ýumşaklyk bilen öwüt-ündew bermelidir. Belki, Hudaý bu adamlaryň hem toba gelmegine bir ýol açar. Olar-da hakykaty bilip,