Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Eklenmek üçin der dökmegiňiz, ir turup, giç ýatmagyňyz puçdur. Hawa, Ol söýýänine hatda ýatyrka-da rysgal berýändir. Her günki iýjek iýmitiňiň agramy ýarym gadak bolar; sen muny bellenen wagtda iýersiň. Suwy hem ölçeg bilen içersiň. Ol ýarty küýze bolar; ony bellenen wagtda içersiň. Soňra Ol sözüni dowam edip, maňa: «Eý, ynsan ogly! Men Iýerusalimde olary bir döwüm çörege zar ederin. Olar çöreklerini gorky içinde bellenen agramda iýerler we suwlaryny howp astynda ölçeg bilen içerler. Ysraýyl halky içgi sadakasyny Rebbe bermez. Gurbanlyklaryndan Ol razy bolmaz. Onuň nany ýashana ýeriniň çöregi ýaly, ondan iýenler haram bolarlar. Çünki olaryň nany diňe garyn doýurmak üçindir. Ol Rebbiň öýüne getirilmez.
Выбор основного перевода