Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ine, men we Rebbiň maňa beren çagalary, Sion dagynda mesgen tutýan Hökmürowan Rebbiň Ysraýyldaky alamatlary we nyşanydyr. Onsoň bir demir jam al-da, demir diwar bolar ýaly, ony özüň bilen şäheriň arasynda ýerleşdir; ýüzüňi oňa tarap öwür. Şäher gabawda bolar, ony özüň gabarsyň. Bu ysraýyl halky üçin bir alamat bolar. Aralaryndaky hökümdar goşlaryny gerşinde göterip, garaňkyda daşary çykarar. Ony çykarmak üçin diwary oýar, bu ýurdy görmez ýaly ýüzüni bürär. Men torumy ýazaryn, ol duzagyma düşer. Ony Babyl ýurduna getirerin, emma ol şol ýerde Babyly görmän öler. „Ezekiýel siziň üçin bir alamat bolar, ol näme eden bolsa, sizem şony edersiňiz. Bu hadysalar ýüze çykanda, siz Meniň Hökmürowan Rebdigimi bilersiňiz“».
Выбор основного перевода