Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Eý, Ysraýylyň Umydy, hasratly wagtyndaky Halasgäri! Neçün bolýaň bu ýurtda gelmişek ýaly, gijäni geçirmek üçin düşlän ötegçi ýaly? Ýa Reb! Eý, Ysraýylyň Umydy! Seni terk edenleriň bary utanja galar. «Menden ýüz öwrenler toz-‑topraga siňip giderler, çünki olar Men Rebbi – diri suwlar çeşmesini, terk etdiler». Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men olara öňki abadançylygyny gaýtaryp berenimde, olar Ýahuda ýurdunda we onuň şäherlerinde ýene-de şu sözleri aýdarlar: „Reb seni ýalkasyn, eý, dogrulyk mekany, eý, mukaddes dag!“ Janpenalaryň baştutany Ýermeýany ýanyna çagyryp, oňa şeýle diýdi: «Bu ýurduň üstünden betbagtlyk inderjekdigi hakynda Hudaýyň Reb aýdypdy. Ine, ony inderip, aýdyşy ýaly hem etdi. Bu zatlaryň bary Rebbe garşy günä edendigiňiz we Oňa gulak asmandygyňyz üçin siziň başyňyzdan indi. Olary halklaryň arasyndan çykararyn, ýurtlardan ýygnaryn; öz ýerlerine getirip, Ysraýylyň daglarynda, jülgelerinde we ýurduň ähli oturymly ýerlerinde bakaryn.
Выбор основного перевода