Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb şeýle diýýär: «Ine, demirgazyk ýurtdan bir halk gelýär, ýeriň ujundan bir beýik millet aýaga galýar. Olar ýaýdyr naýza bilen ýaraglanan, özleri-de rehimsiz hem zalymdyrlar. Sesleri deňiz ýaly güwwüldeýär. Eý, Sion gyzy! Olar atlara atlanyp, bir adam ýaly söweşe taýýarlanyp, seniň garşyňa nyzama durdular». «Olar hakdaky habary eşidenimizde, ellerimiziň ysgyny gaçdy. Dogurýan aýal kimin çekýäris dert-azaplary. Çünki demirgazykdan bir millet oňa garşy çykar, ol onuň ýurduny harabaçylyga öwrer, onda hiç kim ýaşamaz. Ynsan-da, haýwan-da ondan gaçyp gider». Ol halkyna parahatçylyk getirer. Aşurlylar ýurdumyza gelip, köşgümizi basgylasalar, biz ýedi çopany, sekiz serdary olaryň garşysyna ibereris. Seniň gören on şahyň we jandar bu aýaly ýigrenerler. Olar ony tozduryp, ýalaňaçlarlar; onuň etini iýip, ony otlarlar.
Выбор основного перевода