Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Meniň ýanymda saklanmaýarmy bular, hazynalarymda möhürlenen dälmi näme? Öz gazabynyň ýaraglary bilen bütin ýer ýüzüni weýran etmek üçin, uzak ülkelerden, dünýäniň aňry ujundan geler Reb. Babyl galasyna garşy tugy galdyryň; gözegçiligi güýçlendiriň, sakçylar goýuň, bukulary taýynlaň; çünki Reb Babyl ilatyna garşy niýetlänini we aýdanyny ýerine ýetirdi. Men saňa garşydyryn, eý, weýran edýän dag! Bütin dünýäni ýykan dag! Muny Reb aýdýandyr. Elimi saňa garşy uzadyp, seni gaýalardan aşak togalaryn, seni ýanan daga öwrerin. Çünki Reb Babyly weýran edýär, şowhunyny basyp ýatyrýar. Tolkunlary bol suw deý güwleýär, galmagally sesleri eşidilýär. Ýöne sen boýnuýogynlyk edip, günäleriňe toba etmän, başyňdan injek gazaby toplaýarsyň. Bu jeza Hudaýyň adyl höküminiň aýan boljak gününde berler.
Выбор основного перевода