Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
«Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men Eýlamyň kuwwatynyň gözbaşy bolan ýaýy döwerin. Kemançy ýaýyny gursun, sowudyny geýip taýýar bolsun. Babylyň ýaş ýigitlerini gaýgyrmaň, ähli goşunyny bütinleý ýok ediň. Oklary ýiteldiň, sagdaklary dolduryň! Reb madaýlaryň patyşalarynyň ruhuny oýardy; Onuň maksady Babyly ýok etmekdir, Reb Öz öjüni – ybadathanasynyň öjüni alar. Köp milletleri talandygyňyz üçin, ynsanlaryň ganyny döküp, ýurda, şäherlere we ilatyna sütem edendigiňiz üçin, halklaryň aman galanlary sizi talarlar. Liwanda eden sütemiňiz öz başyňyza geler, gyran haýwanlaryňyz sizi uly howpa salar. Çünki siz ynsan ganyny dökdüňiz, ýurtlara, şäherlere, ilatyna sütem etdiňiz.
Выбор основного перевода