Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb Sion dagynda we Iýerusalimde ähli işini gutaranda şeýle diýer: «Aşur patyşasyny tekepbir ýüregine, gedem bakyşyna görä jezalandyraryn». Çünki Aşur patyşasy şeýle diýýär: «Muny öz elimiň güýji bilen, öz paýhasym bilen gazandym, men paýhaslydyryn. Milletleriň serhetlerini aýyrdym, olaryň hazynalaryny taladym, tagtyndan agdardym güýçli şalary. Milletleriň baýlygyny tapdy elim, höwürtge tapan ýaly; terk edilen ýumurtgalaryň ýygnalyşy kimin, bütin dünýäni ýygnadym. Ganat kakyp, agzyny açyp, ses çykaran bolmady». Palta özüni işledýäniň ýanynda öwünermi? Byçgy özüni ulanýandan beýgeldermi özüni? Özüni göterýäni göterermi taýak? Özüni galdyrýany galdyrarmy hasa? Reb saňa ‘Miwesi datly, ýaşyl ýaprakly zeýtun agajy’ diýip at berdi. Emma güýçli galmagally gopgun bilen ony oda berer, onuň şahalary ýanyp kül bolar. Men sizi eden işleriňize görä jezalandyraryn, tokaýyňyza ot bererin, ot töweregiňizdäki zatlary ýakyp ýandyrar“». Muny Reb aýdýandyr. Damask diwaryny oda ýakaryn, ot Benhadadyň galalaryny ýakyp ýok eder».
Выбор основного перевода