4
Ýas günleri geçenden soň, Ýusup faraonyň köşgündäkilere şeýle diýdi: «Eger men siziň göwnüňizden turan bolsam, onda faraona şeýle diýiň: „Kakam ölmezinden öň: 'Meniň sanaglym dolup barýar. Meni Kenganda özüm üçin gazan gabrymda jaýlaň' diýip ant içirdi. Indi, goý, ol maňa gidip, kakamy jaýlamaga rugsat bersin; onsoň men yzyma dolanaryn“».