Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ählimiz edil goýun ýaly azaşdyk; öz ýolumyz bilen gitdik herimiz, Reb ählimiziň etmişimizi oňa ýükledi. Meni agtaran halkym üçin Şaron sürülere öri, Akor jülgesi sygyrlara ýatak bolar». Ruhanylar: ‘Reb hany?’ diýip soramadylar. Kazylar Meni tanamadylar, ýolbaşçylar Maňa garşy pitne turuzdylar, pygamberler Bagal butunyň adyndan pygamberlik edip, biderek zatlaryň yzyna eýerdiler. Sen bireýýäm boýuntyrygyňy döwüp, diýdiň tanaplaryňy üzüp: ‘Saňa gulluk etmerin’. Her bir beýik baýyrlykda butlara sežde etdiň, gür ýaprakly her bir agajyň astynda zyna etdiň serlip ýatyp. Dogrudan-da, depelerden, daglardan gelýän gykylykdyr gowgalar ýalandyr. Hakykatdan hem Hudaýymyz Reb Ysraýyly halas edýär. «Pygamber-de, ruhany-da hudaýsyzdyr, olaryň pisligini hatda Öz öýümde-de gördüm. Muny Reb aýdýandyr. Munuň üçin ýöreýän ýollary olara garaňkydaky sürçek ýer kimin bolar, ol ýerde büdräp ýykylarlar. Çünki jeza ýyly olaryň başyna bela getirerin. Muny Reb aýdýandyr. Samariýa pygamberleriniň arasynda Men bu nejis işi gördüm: Bagalyň adyndan pygamberlik edip, olar Meniň halkym ysraýyly azdyrdylar. Iýerusalimiň pygamberleriniň arasynda-da aýylganç zat gördüm: olar zyna edýärler, ýalana eýerýärler, ýamanlyk edýänleri güýçlendirýärler, şeýdip, hiç kim erbetlikden el çekmeýär. Meniň üçin olaryň ählisi Sodom kimin, boldy Iýerusalimiň ilaty Gomora kimin. Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Ynsansyz we haýwansyz haraba bolup galan bu ýerde, onuň ähli şäherlerinde ýene çopanlaryň öz sürülerini bakjak ýaýlalary bolar. Goýunlarym bütin daglarda we belent depelerde ygyp gezdiler; Meniň goýunlarym bütin ýer ýüzüne dargady, olary soran-da bolmady, idän-de“». Indi bolsa siz toba edip, Meniň nazarymda dogry işleri etdiňiz. Her biriňiz öz ýewreý doganyňyzyň azatlygyny yglan etdiňiz. Huzurymda, adym dakylan öýde bu barada äht baglaşdyňyz. Emma soňra sözüňizden dänip, Meniň adyma ysnat getirdiňiz. Öz islän ýerlerine giden guldur gyrnagy ähliňiz yzyna getirdiňiz, olary ýene-de zor bilen gul we gyrnak edindiňiz. Siz nähili pikir edýärsiňiz? Bir adamyň ýüz goýny bolup, olaryň biri azaşsa, ol togsan dokuzyny daglarda goýup, azaşanyň gözlegine çykmazmy?
Выбор основного перевода