Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şonuň üçin hem olara garşy bu sözleriň baryny pygamberlik et-de, şeýle diý: „Reb ýokardan nagra çeker, mukaddes mekanyndan seslener, agylyna garşy güňleç arlar. Bütin dünýäniň ilatyna garşy üzüm sykýanlar kimin gygyrar. Seniň bilen atlary we çapyksuwarlaryny gyraryn, seniň bilen söweş arabalaryny we arabaçysyny gyraryn. Seniň bilen erkekleri hem aýallary, garrylardyr ýaşlary, oglanlardyr gyzlary gyraryn. Babylyň batyrlary söweşmekden el çekdi, öz berkitmelerinde otyrlar, olaryň güýji gaçyp, heleý ýaly boldular, ýaşaýan ýerlerine ot berildi, derwezeleriniň kiltleri döwüldi. Müsür bilen birlikde Efiopiýa, Put, Lut we beýleki halklardan gelen goşunlaryň bary, Kub we ylalaşyk baglaşan ýurdunyň ilaty gylyçdan geçiriler“». Esgerleriňe seret, olar araňyzda heleý ýalydyrlar! Ýurduňyň derwezeleri duşmanlaryňa gujak açýar, derwezäň kiltleri küle öwrüldi.
Выбор основного перевода