Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb maňa şeýle diýdi: «Ýurduň ähli ilatynyň üstüne demirgazykdan betbagtlyk iner. Seretdim, hiç bir ynsan ýokdy, gökdäki ähli guşlar uçup gidipdir. Ýurt titräp, lerzana gelýär! Çünki Babyl ýurduny ilatsyz haraba öwürmek baradaky Rebbiň niýeti amala aşýar. Onsoň demirgazykdan gelen ýok ediji oňa hüjüm edende, asman, ýer we olardaky ähli zat Babylyň başyna gelen zatlara şatlanyp gygyryşar. Muny Reb aýdýandyr. Onsoň şeýle diý: „Ýa Reb, bu ýeri ýok etjekdigiňi, onda ynsan-da, haýwan-da ýaşamajakdygyny, ýurduň ebedilik harabaçylyga öwrüljekdigini Özüň aýtdyň“. Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň döwründen, onuň beýleki ogly Sidkiýanyň şalygynyň on birinji ýylynyň bäşinji aýyna çenli, ýagny Iýerusalim halkynyň ýesir edilip äkidilen wagtyna çenli Ýermeýa Rebbiň sözüniň gelmegi dowam etdi.
Выбор основного перевода