Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ol akar suwlar ýakasynda ekilen, miwesini möwsüminde getirýän, ýapragy solmaýan agaç kimindir; ähli edýän işi oňuna bolýar. Gurakçylyk barada Ýermeýa Rebbiň şu sözi aýan boldy: «Ýahuda ýas tutýar, onuň şäherleri perýat edýär. Halky hasratdan ýaňa ýere çökdi, Iýerusalimiň perýady barha güýjeýär. Han-begleri hyzmatkärlerini suw getirmäge iberýärler. Olar guýa gelip, suw tapmaýarlar, yzlaryna boş küýzeli dolanýarlar. Olar aljyraňňylyga düşüp, utanç içinde başlaryny büreýärler. Ýurtda ýagyş ýagmansoň, toprak çat açdy. Muňa daýhanlar utanyp, başlaryny büreýärler. Hatda çöldäki keýik hem iýmäge ot bolmansoň, taşlaýar ýaňy guzlan owlagyny. Gulanlar ýalaňaç gaýalarda durup, edil şagallar ýaly haşlap dem alýarlar. Otly ýaýla bolmansoň, öçdi olaryň gözleriniň nury».
Выбор основного перевода