Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Emma Reb Şamuwele: «Onuň daş keşbine ýa-da uzyn boýuna garama, çünki Men ony ret etdim. Sebäbi Rebbiň garaýşy adamyňky ýaly däldir. Adam daş keşbe seredýär, emma Reb kalba seredýär» diýdi. Süleýman, oglum, sen bolsa ataňyň Hudaýyny tana, Oňa ak ýürekden höwes bilen gulluk et. Çünki Reb her bir kalby synaýandyr hem ähli niýet-hyýallary bilýändir. Ony agtarsaň taparsyň, ýöne terk edäýseň welin, Ol senden müdimilik ýüz öwrer. Hudaý ynsanlaryň etmişlerini başlaryndan inderer, olara öz pälinden tapdyrar. Erbet adamlaryň ýamanlygy soňlansyn, berkarar et Sen dogry ynsany, çünki Sen, ýa hak Hudaý, köňüldir ýürekleri barlaýarsyň ahyryn. Kümüş göweçde, altyn kürede synalýan bolsa, ýürekleri barlaýan Rebdir. Emma, eý, adalatly höküm edýän, ýürekleri we pikirleri synaýan Hökmürowan Reb! Dawamy Saňa aýan edýärin, olardan aljak öjüňi göreýin! Seniň taglymatyň neneňsi beýik, işleriň nähili gudratly! Gözleriň ynsanlaryň edýän ähli işlerini görýändir. Her kese öz tutan ýoluna görä, işiniň miwesine görä sylaglaýarsyň. Şol gün Hudaý her kime eden işine görä gaýtarar. Ynsan ýüreginiň jümmüşini bilýän Hudaý Mukaddes Ruhuň pikirlerine düşünýändir. Sebäbi Mukaddes Ruh Hudaýyň islegine görä Onuň halky üçin ýalbarýandyr. Men onuň çagalaryny hem öldürerin. Şonda hemme ýygnaklar Meniň ýürekleri we pikirleri derňeýändigimi bilerler. Men siziň her biriňize eden işleriňize görä jeza bererin.
Выбор основного перевода