Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Mukaddes Sabat gününiň kanunlaryny ýerine ýetir. Alty günläp öz işleriňizi ediň, emma ýedinji gün dynç alyň. Şonda öküziňize we eşegiňize-de ýeňillik bolar. Öýüňizdäki guluňyz hem, gelmişek hem rahatlanar. «Seniň özüň ysraýyllara aýt, goý, olar Meniň Sabat günümiň kanunlaryny ýerine ýetirsinler, çünki bu Men bilen siziň araňyzdaky ähtiň geljekki nesilleriňiz boýy dowam etjek nyşanydyr. Munuň bilen sizi mukaddes halkym eden Rebbiň Mendigimi bilersiňiz. Ysraýyllar çöldekäler, Sabat güni olar odun ýygyp ýören adamy gördüler we olar ony tutup, Musa bilen Harunyň we bütin jemagatyň huzuryna getirdiler. Ysraýyllar çöldekäler, Sabat güni olar odun ýygyp ýören adamy gördüler we olar ony tutup, Musa bilen Harunyň we bütin jemagatyň huzuryna getirdiler. Oňa näme edilmelidigi entek belli bolmansoň, olar ony tussag astyna aldylar. Onsoň Reb Musa: «Ol adam ölüme höküm edilsin. Ony Ysraýyl düşelgesiniň daşyna çykaryp, bütin jemagat daşlap öldürsin» diýdi. Düşelgäniň daşyna çykaryp, edil Rebbiň Musa buýruşy ýaly, bütin halk ony daşlap öldürdi. Muny edýän ynsan, ony berk saklaýan nähili bagtly! Ol Sabat gününi amal edip, ony harlamaýar, elini her hili ýaman işden saklaýar». Sabat gününi bozmakdan, mukaddes günümde isläniňizi etmekden saklansaňyz, Sabat gününi ýakymly, Rebbiň mukaddes gününi hormatly saýsaňyz, özüňize ýaraýany etmän, isläniňizi etmän, boş sözleri sözlemän, ol güni hormatlasaňyz, Olary mukaddes halk eden Meniň Rebdigimi bilsinler diýip, Özüm bilen olaryň arasynda alamat bolar ýaly, mukaddes Sabat günlerimi hem olar üçin belledim.
Выбор основного перевода