Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ybram aýalyny hem ähli emlägini alyp, Müsürden çykyp, Negep çölüne gitdi. Lut hem onuň ýanyndady. Ýakma gurbanlygynyň, galla sadakasynyň, günä gurbanlygynyň, ýazyk gurbanlygynyň, belleme sadakasynyň we salamatlyk gurbanlygynyň berliş kadasy şulardan ybaratdyr. şükür gurbanlyklaryny, goý, hödürlesin, Onuň işlerini şatlyk nagmasynda beýan eýlesin. Saňa şükür gurbanlygyny hödür ederin, Rebbiň adyny men çagyraryn. Benýamin topragynda, Iýerusalimiň töweregindäki ýerlerde, Ýahuda galalarynda, daglyk galalarda, günbatar baýyrlykda we Negep galalarynda ekin meýdanlary kümşe satyn alnyp, şertnamalara gol çekiler, möhürlenip, şaýatlar çagyrylar. Çünki Men olaryň öňki abadançylygyny gaýtaryp bererin“. Muny Reb aýdýandyr». Daglyk, günbatar baýyrlyk, Negep we Benýamin galalary bilen Iýerusalimiň töweregindäki ýerlerde we Ýahuda galalarynda çopanlar ýene-de goýun sanarlar. Muny Reb aýdýandyr“. Rebbiň öňki pygamberleriň üsti bilen aýdan sözleri-de şular dälmidi? Şol wagtlar Iýerusalim we onuň daş-töweregindäki galalar heniz ilatlydy, parahatdy. Negep çöli bilen günbatar baýyrlyk-da ilatlydy“».
Выбор основного перевода