Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Janymyň kastyna çykanlar, goý, utanyp masgara bolsun; maňa garşy erbetlik niýetlänler yzyna dönsün, ýüzi gyzarsyn. Goý, heläkçilik duýdansyz olaň başyna insin, gizlin guran duzaklaryna özleri düşsün, heläkçilige uçranda, goý, şoňa düşsün. Hasratyma şatlanýanlaryň bary ýüzleri gyzaryp, biabraý bolsun; öňümde özüni beýgeldýänleriň eginbaşlary utanç hem-de betnamlyk bolsun. Emma, eý, adalatly höküm edýän, ýürekleri we pikirleri synaýan Hökmürowan Reb! Dawamy Saňa aýan edýärin, olardan aljak öjüňi göreýin! Olar ýigrenji maslyk butlary bilen ýurdumy harama çykardylar, mülkümi nejis zatlaryndan doldurdylar. Şonuň üçin Men olara etmişleridir günäleri üçin iki esse tölederin“». Emma Reb batyr söweşiji kimin meniň bilendir, şonuň üçin meni yzarlaýanlar büdrärler, ýeňip bilmezler. Üstünlik gazanyp bilmändikleri üçin, olar erbet utanja galarlar. Olaryň utanjy ebedilik bolar, hiç wagt unudylmaz.
Выбор основного перевода