Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ogly öpüň, ýogsa ol gazaba müner, siz hem heläk bolarsyňyz öz ýoluňyzda, çünki tiz tutaşýar onuň gazaby. Ony pena edinýänleriň ählisi bagtly. Dadyp görüň Reb ýagşylygyny, Ony pena edinýän nähili bagtly! Rebbe bil baglaýan ynsan nähili bagtly! Tekepbirlere, ýalan hudaýlara ýüz bermeýän ynsan nähili bagtly! Çünki, eý, Hökmürowan Reb, umydym Sensiň, ýaşlygymdan bil baglanym Sensiň. Eý, Hökmürowan Reb! Saňa bil baglaýanlar nähili bagtly! Neneň bagtly Ýakubyň Hudaýyna daýanýan, onuň Hudaýy Rebbe umyt baglaýan! Söze üns berýän rowaç tapar, Rebbe ynanýan bolsa bagtlydyr. Reb size merhemet etjek bolup garaşýar, ýokarda size rehim etmäge häzir, çünki Reb adalat Hudaýydyr; Oňa intizarlar nähili bagtly!
Выбор основного перевода