Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
„Kükürt! Duz! Tutuş ýurt ýanýar! Hiç zat ekilmez, hiç zat gögermez, gaýdyp hiç hili ösümlik ösmez. Reb gazap atyna atlanyp, Sodom, Gomora, Adma we Seboýym galalaryny ýok edişi ýaly ýykyp-ýumurdy!“ diýerler. Akar suwlaryň, baldyr gaýmak akýan dereleriň hözirini görmezler. Olara çölleri öý, şor ýerleri mesgen edip berdim. Siz ýapragy guran çynar agajy kimin bolarsyňyz, suwsuz galan baga meňzärsiňiz. Şonuň üçin hem, Reb şeýle diýýär: „Nehelamly Şemagýa Men-Rebbiň garşysyna gepländigi üçin ony we onuň neslini jezalandyraryn. Bu halkyň arasynda onuň neslinden ýekeje kişi hem aman galmaz, Meniň Öz halkyma etjek ýagşylygymy görmez. Muny Reb aýdýandyr“». Gaçyň! Janyňyzy halas ediň, çöldäki ýylgyn kimin boluň.
Выбор основного перевода