Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ysraýyllar çöldekäler, Sabat güni olar odun ýygyp ýören adamy gördüler we olar ony tutup, Musa bilen Harunyň we bütin jemagatyň huzuryna getirdiler. Ysraýyllar çöldekäler, Sabat güni olar odun ýygyp ýören adamy gördüler we olar ony tutup, Musa bilen Harunyň we bütin jemagatyň huzuryna getirdiler. Oňa näme edilmelidigi entek belli bolmansoň, olar ony tussag astyna aldylar. Onsoň Reb Musa: «Ol adam ölüme höküm edilsin. Ony Ysraýyl düşelgesiniň daşyna çykaryp, bütin jemagat daşlap öldürsin» diýdi. Düşelgäniň daşyna çykaryp, edil Rebbiň Musa buýruşy ýaly, bütin halk ony daşlap öldürdi. Ýöne habardar boluň, özüňizi goraň. Şeýdip, ömürboýy gözüňiz bilen gören zatlaryňyzy ýadyňyzdan çykarmaň, unutmaň. Olary çagalaryňyza, çagalaryňyzyň çagalaryna-da aýdyp beriň. Reb Horepde ot içinden size seslenende, siz Onuň Özüni görmediňiz. Habardar boluň we özüňizi goraň. Gaty seresap boluň. Hudaýyňyz Rebbiň siziň bilen eden ähtini ýatdan çykarmaň. Şeýle hem, Hudaýyňyz Rebbiň gadagan eden zatlarynyň hiç biriniň şekilinden but ýasanmaň. Şol günler men Ýahudada käbir adamlaryň Sabat güni üzüm sykýandygyny, bugdaý desselerini getirip, eşeklerine ýükläp ýörendiklerini gördüm. Şeýle hem olar Sabat güni şerap, üzüm, injir we her hili ýükleri Iýerusalime daşaýardylar. Onsoň men olara Sabat güni hiç zat satmaly däldigini duýdurdym. Şäherde ýaşaýan surlular hem balyk we dürli harytlar getirip, Sabat güni Iýerusalimdäki ýahuda halkyna satýardylar. Onsoň men Ýahudanyň beglerine käýäp, olara: «Sabat gününi harlap, bu edýän işiňiz näme? Siziň atalaryňyz hem şeýle etmänmidi? Ata-babalarymyzyň şeýle edenligi zerarly Hudaýymyz bu belalary biziň başymyza, bu şäheriň başyna getirmänmidi? Siz Sabat gününi harlamak bilen, Ysraýylyň üstünden has-‑da güýçli gazap inderýärsiňiz!» diýdim. Onsoň men Ýahudanyň beglerine käýäp, olara: «Sabat gününi harlap, bu edýän işiňiz näme? Siziň atalaryňyz hem şeýle etmänmidi? Ata-babalarymyzyň şeýle edenligi zerarly Hudaýymyz bu belalary biziň başymyza, bu şäheriň başyna getirmänmidi? Siz Sabat gününi harlamak bilen, Ysraýylyň üstünden has-‑da güýçli gazap inderýärsiňiz!» diýdim. Her Sabat gününiň öňüsyrasy, agşam garaňky gatlyşyberende, men Iýerusalimiň derwezeleriniň ýapylmalydygyny tabşyrdym. Sabat geçýänçä, olar açylmasyn diýip buýruk berdim. Onsoň men Sabat güni içerik ýük girizilmesin diýip, öz hyzmatkärlerimiň birnäçesini derwezede goýdum. Şondan soň täjirler we dürli haryt satýanlar birki sapar gijäni Iýerusalimiň daşynda geçirdiler. Emma men olara: «Näme üçin gijäni diwaryň düýbünde geçirýärsiňiz? Eger ýene şeýle edäýseňiz, menden eýgilige garaşmaň!» diýip duýduryş berdim. Şondan soň olar Sabat güni gelmediler. Ýaňky adam şobada sagalyp, düşegini aldy-da, ýöräp başlady. Bu waka Sabat güni bolup geçdi.
Выбор основного перевода