Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Siz Meniň sen we seniň geljekki nesliň bilen edýän ähtimiň şertlerini berjaý etmelisiňiz. Araňyzdaky erkekleriňiziň ählisini sünnetlemelisiňiz. Ujydyňyzyň pürçügini kesdirip, sünnetleniň. Sünnet siz bilen Meniň aramdaky ähtiň nyşany bolar. Mundan beýläk öz nesliňizden, şeýle hem özüňizden bolman, kesekilerden satyn alan gullaryňyzdan doglan erkek çagalaryň hemmesi sekiz günlükkä sünnetlenmelidir. Seniň öz hojalygyňda doglan gullaryň-da, satyn alan gullaryň-da sünnetlenmelidir. Şeýle etmek bilen, siziň teniňiz Meniň siz bilen eden ähtimiň bakydygyny görkezer. Ujydynyň pürçügini kesdirip, sünnetlenmedik erkek ähti bozan adam hökmünde öz halkynyň arasyndan çykarylsyn». Sara göwreli bolup, Ybraýymyň garran çagynda oňa bir ogul dogrup berdi. Ybraýym özüniň Saradan bolan oglunyň adyna Yshak dakdy. Hudaýyň buýruşy ýaly, Ybraýym Yshagy sekiz günlükkä sünnetledi. Soňra onuň ökjesinden ýapyşyp, ekiz taýy dünýä indi. Şonuň üçinem onuň adyna Ýakup dakdylar. Çagalar doglanda, Yshak altmyş ýaşyndady. Reb Leýanyň söýülmeýändigini görüp, onuň ýatgysyny açdy. Rahelden bolsa çaga dogmaýardy. Leýa göwreli bolup, bir ogul dogurdy. Ol ogluna Ruben diýip at goýdy, çünki ol: «Reb meniň betbagtlygymy gördi, indi meni adamym halar» diýdi. Ol ýene-de göwreli boldy we bir ogul dogurdy. Ol: «Reb meniň söýülmeýändigimi eşidip, maňa bu ogly hem berdi» diýdi. Leýa oglunyň adyna Şimgon dakdy. Leýa üçünji gezek göwreli bolup, ýene-de bir ogul dogurdy. Ol: «Adamymyň ýüregi indi maňa baglansa gerek, çünki men oňa üç ogul dogrup berdim» diýdi. Şol sebäpden hem ol üçünji oglunyň adyna Lewi dakdy. Leýa ýene-de göwreli bolup, bir ogul dogurdy. Ol: «Indi men Rebbe alkyş aýdaryn» diýip, oglunyň adyna Ýahuda dakdy. Soňra ol çaga dogmakdan galdy. Rahel Ýakuba çaga dogrup bermändigini görende, ol öz aýal doganyna göriplik etdi. Ol Ýakuba: «Maňa-da çaga ber, ýogsam, men ölerin» diýdi. Ýakubyň muňa gahary gelip: «Hudaý seni çagadan mahrum edýär. Men Hudaýmy näme?!» diýdi. Rahel oňa: «Gyrnagym Bilha bilen ýat. Goý, ol maňa senden ogul dogrup bersin. Şeýdip, Bilhanyň üsti bilen men hem çagaly bolaýyn» diýdi. Ol öz gyrnagy Bilhany Ýakuba aýallyga berdi; Ýakup onuň bilen ýatdy. Bilha göwreli bolup, Ýakuba bir ogul dogrup berdi. Onsoň Rahel: «Hudaý meni aklady, Ol, hakykatdanam, meniň dilegimi eşidip, maňa bir ogul berdi» diýip, oglanyň adyna Dan dakdy. Raheliň gyrnagy Bilha ýene-de göwreli bolup, Ýakuba ikinji ogul dogrup berdi. Rahel: «Doganym bilen juda çynlakaý göreşdim we ýeňdim» diýip, oglunyň adyna Naftaly dakdy. Leýa özüniň dogurmakdan galandygyna göz ýetirip, öz gyrnagy Zilpany Ýakuba aýallyga berdi. Leýanyň gyrnagy Zilpa Ýakuba bir ogul dogrup berdi. Leýa: «Meniňki şowuna boldy» diýip, oglunyň adyna Gat dakdy. Leýanyň gyrnagy Zilpa Ýakuba ikinji ogul dogrup berdi. Leýa: «Men bagtlydyryn! Gyzlar maňa bagtly diýerler» diýip, ikinji oglunyň adyna Aşer dakdy. Bugdaý oragy döwründe bir gün Ruben ekin meýdanyna gitdi we ol ýerden selmelek köklerini tapdy. Ruben ony ejesi Leýa getirip berdi. Rahel Leýanyň ýanyna gelip, oňa: «Ogluňyň getiren selmelek köklerinden maňa-da ber» diýdi. Leýa oňa: «Ärimi elimden alanyňy az görüp, indi oglumyň getiren selmelek köklerini-de alsam diýýärmiň?» diýdi. Rahel oňa: «Bolýar, selmelek kökleriniň deregine Ýakup şu gije seniň bilen ýataýsyn» diýdi. Agşamara Ýakup meýdandan gaýdyp gelýärkä, Leýa onuň öňünden çykyp: «Sen bu gije meniň ýanyma gir. Oglumyň getiren selmelek kökleri bilen seniň şu gijelik kireýiňi töledim» diýdi. Ýakup şol gije Leýa ýanaşdy. Hudaý Leýanyň dilegini eşitdi. Leýa göwreli bolup, Ýakuba bäşinji ogul dogrup berdi. Leýa: «Bu – öz gyrnagymy adamyma berenim üçin, Hudaýyň maňa beren muzdudyr» diýip, oglanyň adyna Ysakar dakdy. Leýa ýene göwreli bolup, Ýakuba altynjy ogul dogrup berdi. Leýa: «Hudaý maňa ajaýyp sowgat etdi. Indi adamym maňa hormat goýar, çünki men oňa alty ogul dogrup berdim» diýip, altynjy oglunyň adyna Zebulun dakdy. Ol soňra bir gyz dogurdy we onuň adyna Dina dakdy. Hudaý Raheli ýatdan çykarmandy. Ol Raheliň dilegini eşidip, onuň ýatgysyny açdy.
Выбор основного перевода