Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Haýal etmän gidiň-de, kakamyň ýanyna baryp, oňa şeýle diýiň: „Ogluň Ýusup şeýle diýýär: ‘Hudaý meni tutuş Müsüriň hökümdary etdi, sen eglenmän meniň ýanyma gel. Sen Goşen welaýatynda mesgen tutarsyň; sen we seniň çagalaryňdyr agtyklaryň, ownukly-irili mallaryň, mahlasy, özüňde bar bolan ähli zatlaryň bilen meniň golaýymda bolarsyň. Bu açlyk ýene bäş ýyla çekjek. Siziň hiç biriňiz mätäçlik çekmez ýaly, men ol ýerde seni we seniň hojalygyňy hem ähli mallaryňy zerur zatlar bilen üpjün ederin’“. Kakaňyzy hem, maşgalalaryňyzy hem alyp, meniň ýanyma geliň. Men Müsüriň iň saýlantgy ýerini size bererin. Siz mes toprakly ýurduň hasylyndan iýip doýarsyňyz“. Olara ýene-de şeýle diý: „Çagalaryňyz hem aýallaryňyz üçin Müsürden arabalar alyp, olary kakaňyz bilen bile şu ýere getiriň. Ataňyň beren patalary baky daglaryň bereketlerinden, ebedi baýyrlaryň baýlygyndan artykdyr, şu patalar Ýusubyň başyna insin, doganlarynyň arasyndan saýlananyň üstünde bolsun. Benýamin hyrsyz möjekdir, ol irden awuny tutup iýip, agşam galan awuny paýlaşdyrýandyr». Ýakubyň ähli nesilleriniň sany jemi ýetmişdi. Ýusup eýýäm Müsürdedi. Siziň ata-babalaryňyz Müsüre gidende ýetmiş adamdy. Ine, häzir bolsa Hudaýyňyz Reb siziň sanyňyzy asmandaky ýyldyzlar deý köpeltdi.
Выбор основного перевода