Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Sara Kengan ýurdundaky Kirýatarbada, ýagny Hebronda dünýäden ötdi. Ybraýym Sara üçin matam tutup, ýas baglamaga geldi. Ol Saranyň jesediniň ýanyndan turdy we hetleriň ýanyna baryp, olara: «Men siziň araňyzda ýaşaýan bir gelmişekdirin. Maňa öz araňyzdan aýalymy jaýlar ýaly ýer beriň» diýdi. Hetler Ybraýyma: «Bizi diňle agam, biz saňa Hudaýyň hormatlaýan adamy hökmünde garaýarys. Sen aýalyňy biziň iň gowy gonamçylygymyzda jaýla. Biziň hiç birimiz öz gonamçylygymyzy senden gaýgyrmarys we merhumyňy jaýlamakdan saklamarys» diýdiler. Hetler Ybraýyma: «Bizi diňle agam, biz saňa Hudaýyň hormatlaýan adamy hökmünde garaýarys. Sen aýalyňy biziň iň gowy gonamçylygymyzda jaýla. Biziň hiç birimiz öz gonamçylygymyzy senden gaýgyrmarys we merhumyňy jaýlamakdan saklamarys» diýdiler. Ybraýym ýerinden turup, ol ýurduň halky bolan hetlere tagzym etdi. Ol olara ýüzlenip, şeýle diýdi: «Eger-de meniň merhumymy öz araňyzda jaýlamagyma razy bolsaňyz, onda Soharyň ogly Epronyň mülküniň çetindäki Makpela gowagyny maňa mülk hökmünde doly bahasyndan satmagyny haýyş edip beriň» diýdi. Ol olara ýüzlenip, şeýle diýdi: «Eger-de meniň merhumymy öz araňyzda jaýlamagyma razy bolsaňyz, onda Soharyň ogly Epronyň mülküniň çetindäki Makpela gowagyny maňa mülk hökmünde doly bahasyndan satmagyny haýyş edip beriň» diýdi. Şol wagt hetleriň arasynda Epron hem otyrdy. Epron hetlere, gala derwezesindäkileriň hemmesine eşitdirip, gaty ses bilen: «Ýok, jenabym, maňa gulak as. Men şol mülk ýeri öz kowumdaşlarymyň öňünde gowagy bilen bile saňa mugt berýärin. Arkaýyn merhumyňy jaýlaber» diýdi. Ybraýym hetleriň öňünde tagzym etdi we ol halaýyk eşider ýaly edip, Eprona: «Onda diňle, men şol mülk ýeriň hakyny saňa tölärin, sen ony al-da, maňa ol ýerde merhumymy jaýlamaga ygtyýar et» diýdi. Ybraýym hetleriň öňünde tagzym etdi we ol halaýyk eşider ýaly edip, Eprona: «Onda diňle, men şol mülk ýeriň hakyny saňa tölärin, sen ony al-da, maňa ol ýerde merhumymy jaýlamaga ygtyýar et» diýdi. Epron Ybraýyma: «Jenabym, maňa gulak as. Mülk ýeriň bahasy dört ýüz kümüş teňňedir. Ikimiziň aramyzda bu bir uly zat däl-le. Git-de, merhumyňy jaýlaber» diýdi. Epron Ybraýyma: «Jenabym, maňa gulak as. Mülk ýeriň bahasy dört ýüz kümüş teňňedir. Ikimiziň aramyzda bu bir uly zat däl-le. Git-de, merhumyňy jaýlaber» diýdi. Ybraýym Epron bilen ylalaşdy we Epronyň hetlere eşitdirip aýdan mukdarynda, söwdagärleriň arasyndaky ölçege görä ölçäp, oňa kümüş berdi. Şunlukda, Epronyň Mamräniň gündogarynda ýerleşýän Makpeladaky mülki gowagydyr ähli baglary bilen bile Ybraýymyň eýeçiligine geçdi. Hetler-de, gala derwezesinde oturan ýaşulular-da muny ykrar etdiler. Şunlukda, Epronyň Mamräniň gündogarynda ýerleşýän Makpeladaky mülki gowagydyr ähli baglary bilen bile Ybraýymyň eýeçiligine geçdi. Hetler-de, gala derwezesinde oturan ýaşulular-da muny ykrar etdiler. Şondan soň Ybraýym öz aýaly Sarany Mamräniň, ýagny Hebronyň gündogarynda ýerleşen Makpeladaky mülkündäki gowakda, Kengan ýurdunda jaýlady. Şeýlelikde, hetleriň şol mülki ondaky gowak bilen bile Ybraýyma gonamçylyk üçin berildi. Ýakup çadyryny diken ýerindäki bir bölek ýeri, Şekemiň atasy Hamoryň ogullaryndan ýüz kümüş teňňä satyn aldy. Soňra Ýakup ogullaryna şeýle tabşyryk berdi: «Indi meniň ölüp, ata-babalaryma gowuşmaly pursadym golaýlap gelýär. Meni Kengan ýurdunda ýerleşýän, Mamräniň gündogaryndaky Makpela mülkündäki gowakda jaýlaň. Ybraýym bu gowagy we mülki gonamçylyk etmek üçin Epron hetden satyn alypdy. Soňra Ýakup ogullaryna şeýle tabşyryk berdi: «Indi meniň ölüp, ata-babalaryma gowuşmaly pursadym golaýlap gelýär. Meni Kengan ýurdunda ýerleşýän, Mamräniň gündogaryndaky Makpela mülkündäki gowakda jaýlaň. Ybraýym bu gowagy we mülki gonamçylyk etmek üçin Epron hetden satyn alypdy. Şeýdip, Ýusup kakasynyň jesedini alyp ýola düşdi. Faraonyň ähli emeldarlary, köşgüň we tutuş Müsüriň belent mertebeli adamlary, Ýusubyň tutuş hojalygy, onuň doganlarydyr kakasynyň hojalygyndakylaryň hemmesi-de onuň ýanyndadylar. Goşen welaýatynda diňe çagalar, ownukly-irili mallar galdy. Söweş arabalary we olaryň üstündäki esgerler-de Ýusup bilen gitdi. Bu ägirt uly mähelledi. Iordan derýasynyň gündogaryndaky Atat harmany diýen ýere ýetenlerinde, olar ses edip aglaşdylar. Ýusup kakasy üçin ýedi günläp ýas tutdy. Atat harmany diýen ýerdäki ýasy görüp, Kenganyň ýerli ilaty: «Müsürlileriň ýas tutuşy, gör, nähili agyr!» diýişdiler. Şoňa görä-de, Iordan derýasynyň gündogar tarapyndaky bu ýere Abelmisraýym diýen at berildi. Şeýdip, Ysraýylyň ogullary kakalarynyň beren tabşyrygyny aýdyşy ýaly berjaý etdiler. Olar Ysraýyly Kengan topragyna getirip, Mamräniň gündogaryndaky Makpela mülkündäki gowakda jaýladylar. Ybraýym bu gowagy gonamçylyk etmek üçin ýeri bilen bile Epron hetden satyn alypdy. Ysraýyllar Ýusubyň jesedini Müsürden çykaryp, Şekeme getiripdiler. Olar ony Şekemiň kakasy Hamoryň ogullaryndan Ýakubyň ýüz kümüş teňňä satyn alan ýerinde jaýladylar. Ol ýer Ýusubyň nesilleriniň mülk ýeri bolup galdy.
Выбор основного перевода