Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ol aýal çagasyny mundan artyk gizlin saklap bilmejekdigine göz ýetirip, onuň üçin gamyşdan örülen sebet aldy-da, onuň daşyny suw geçmez ýaly şepbik bilen örtdi. Ol çagany şol sebediň içinde ýatyryp, ony derýanyň gyrasyndaky suwda ösüp oturan gamyşlaryň arasynda ýerleşdirdi. Jigisine näme bolarka diýip, çaganyň gyz dogany hem uzakdan seredip durdy. Şol wagt faraonyň gyzy derýa suwa düşmäge geldi. Onuň kenizleri bolsa derýanyň kenarynda aýlanyp ýördüler. Birdenkä faraonyň gyzy gamyşlaryň arasyndaky sebedi görüp, ony getirmäge kenizleriň birini iberýär. Faraonyň gyzy sebedi açyp görse, ine, onuň içinde bir çaga aglap ýatyr. Onuň çaga ýüregi gyýlyp: «Bu ýewreý çagalarynyň biridir» diýýär. Soňra çaganyň gyz dogany faraonyň gyzynyň ýanyna gelip: «Men gidip, çagany emdirer ýaly ýewreý aýallaryndan birini çagyraýynmy?» diýýär. Faraonyň gyzy: «Çagyraý» diýýär. Şeýdip, ol gyz gidip, çaganyň öz ejesini alyp gelýär. Faraonyň gyzy ol aýala: «Şu çagany äkit-de, muňa enekelik et. Men seniň hakyňy tölärin» diýýär. Şeýlelikde, bu aýal çagany äkidip, oňa enekelik edýär. Çaga ösüp kemala gelende, ol ony faraonyň gyzynyň ýanyna getirýär we faraonyň gyzy ony özüne ogullyga alýar. Ol: «Men muny suwdan çykardym» diýip, onuň adyna Musa dakýar.
Выбор основного перевода