Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýöne Reb Ýusup bilen bolup, oňa merhemet etdi. Ýusup zyndanyň başlygynyň göwnünden turdy. Faraona we onuň ähli emeldarlaryna bu teklip ýarady. Faraon öz emeldarlaryna: «Biz Ýusupdan başga Hudaýyň Ruhy bolan adamy tapyp bilmeris» diýdi. Soňra ol Ýusuba: «Hudaý şu zatlaryň ählisini saňa aýan etdi, seniň ýaly düşbi, pähim-paýhasly adam ýokdur. Sen meniň ýurdumda hökümdarlyk edersiň; halk saňa boýun eger. Men diňe şa tagtynda senden beýik bolaryn». Soňra faraon Ýusuba: «Ine, men seni tutuş Müsür topragyna hökümdar edip belleýärin» diýdi. Ýusup Müsürde häkim bolansoň, ol bütin ýurduň halklaryna galla satýardy. Ýusubyň doganlary gelip, oňa iki bükülip tagzym etdiler. Oňa emeldarlarynyň üstünden ygtyýar berip, ýaşulularyna paýhas öwretsin diýip, Ýusuby öz öýüne hojaýyn etdi, tutuş mülküne hökümdar goýdy.
Выбор основного перевода