Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Faraon bu hakda eşidip, Musany öldürtmegiň küýüne düşdi. Emma Musa gaçyp, Midýan ýurdunda ornaşdy. Bir gün Musa bir guýynyň başynda otyrdy. Olar Musa bilen Haruna: «Faraon we onuň emeldarlary tarapyndan siz biziň başymyza bela getirdiňiz, bizi öldürer ýaly, olaryň eline gylyç berdiňiz. Munuň üçin Reb size göz görkezip, jezaňyzy berer» diýdiler. Soňra Musa ýene-de Rebbe ýüzlenip: «Eý, Rebbim, näme üçin bu adamlara betbagtlyk getirdiň? Aslynda näme üçin meni goýberdiň? Onuň bir oglunyň ady Gerşom (Ol ony: «Men bir ýat ýurtda gelmişek boldum» diýip dakypdy), beýleki oglunyň ady Eligezerdi (Onuň adyny bolsa: «Atamyň Hudaýy maňa ýardam berdi, Ol meni faraonyň gylyjyndan gutardy» diýip, şeýle dakypdy).
Выбор основного перевода