Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ysraýyllaryň Müsürden çykyp gaýtmagynyň dört ýüz segseninji ýylynda, Süleýmanyň patyşalygynyň dördünji ýylynda, ikinji aý bolan Ziw aýynda Rebbiň öýi gurlup başlandy. Şeýdip, Süleýman Rebbiň öýüni gurup gutardy. Emma Hudaý ýerde mesgen tutarmy? Seni hatda gök-de, gökleriň gögi-de içine sygdyryp bilmeýär. Onsoň meniň bu salan öýüm dagy nämejik! Süleýman Iýerusalimde kakasy Dawuda Rebbiň görnen Moryýa dagyndaky, Dawudyň taýýarlan ýeri – ýabusly Ornanyň harmanynda Rebbiň öýüniň gurluşygyna başlady. Şeýdip, Süleýman patyşanyň Rebbiň öýi üçin etmeli ähli işleri tamamlandy. Süleýman kakasy Dawut tarapyndan öýe bagyş edilen ähli zatlary: kümşi, altyny we ähli enjamlary getirip, Hudaýyň öýündäki hazynada goýdy. Men Saňa baky mesgen tutaryň ýaly, uçursyz gözel öý gurdum». Ine, Hudaý Öz beren wadasyny berjaý etdi, çünki men kakam Dawudyň ýerine geçdim. Rebbiň wada berşi ýaly, men Ysraýylyň tagtynda otyryn. Ysraýyl Hudaýy Rebbe ybadat üçin öý gurdum.
Выбор основного перевода