Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Häzirki gelmişek bolup ýaşap ýören ýeriň bolan Kengan ýurduny tutuşlygyna Men saňa hem-de nesliňe ebedilik mülk edip bererin. Men olaryň Hudaýy bolaryn». Ýakup Ýusuba şeýle diýdi: «Gudratygüýçli Hudaý Kengan topragynda, Luzda maňa görnüp: „Men seni örňedip, köpeldip, senden ençeme halklar dörederin. Kengan topragyny saňa we seniň nesilleriňe ebedi mülk edip bererin“ diýip pata beripdi. «Mowap ýurdundaky Ýerihonyň garşysyndaky Abarym daglarynyň biri bolan Nebo dagyna çyk. Ysraýyllara mülk edilip beriljek Kengan ýurduny gör. Şeýlelikde, adamlar çadyrlaryny ýygnap, Iordan derýasyndan geçmek üçin ugradylar, Äht sandygyny göterýän ruhanylar olaryň öňlerine düşdüler. Şol wagty bugdaý oragy döwri bolansoň Iordan derýasynyň suwy joşup, ähli kenarlary bilen dolup-daşýardy. Muňa garamazdan, Äht sandygyny göterýän ruhanylar derýanyň gyrasyna gelip, aýaklaryny suwa degren badyna, derýanyň akymy togtady. Onsoň suwlar olardan uzakdaky Saretanyň golaýynda ýerleşýän Adama galasynyň deňinde ýygnanyp, bir üýşmek bolup durdy. Şeýle hem, Araba deňzine, ýagny Öli deňze gelip guýýan suwlaryň akmasy bütinleý kesildi. Adamlar derýadan Ýeriho tarap geçdiler. Rebbiň Äht sandygyny göterýän ruhanylar bolsa tä ysraýyllaryň hemmesi gury ýerden geçip gutarýançalar, derýanyň hanasynyň ortasynda durdular. Şeýdip, tutuş ysraýyl halky gury ýerden geçdi. Tutuş ysraýyl jemagaty Şiloda ýygnanyşdy we ol ýerde Rebbe ýüz tutulýan çadyr guruldy. Çünki ähli ýerler ysraýyllara tabyn bolupdy. Reb siziň öňüňizden beýik we güýçli milletleri kowup çykardy, şu wagta çenli olaryň ýekejesi hem siziň öňüňizde durup bilmedi. Biz bu ýere çozuş edenimizde, Reb bu ýerde ýaşaýan ähli amorlary biziň öňümizden kowup çykardy. Şonuň üçin biz hem Rebbe gulluk etjekdiris, sebäbi Ol biziň ýeke-täk Hudaýymyzdyr». Şol günlerde patyşa Natan pygambere: «Seret, men-ä kedr agajyndan gurlan köşkde ýaşaýaryn, Hudaýyň sandygy bolsa bir çadyrda dur» diýdi. Natan Dawuda: «Islän zadyňy ediber, sebäbi Reb seniň bilendir» diýdi. Emma hut şol gije Natana Rebbiň sözi aýan boldy: «Bar, gulum Dawuda Reb şeýle diýýär diý: „Maňa mesgen tutar ýaly öý gurjak senmi? Men ysraýyl halkyny Müsürden alyp çykan günümden bäri öýde mesgen tutmadym; çadyrymy ondan-oňa göçürip ýaşap ýördüm. Tutuş Ysraýyl bilen bolan ýerlerimiň ählisinde Öz halkym Ysraýyla baştutanlyk etmegi buýran serdarlarymyň, heý, birinden: ‘Näme üçin Maňa kedr agajyndan öý gurmadyňyz?’ diýip soradymmy?“ Indi sen Meniň gulum Dawuda Hökmürowan Reb ýene-de şeýle diýýär diý: „Men seni meýdanda goýun bakyp ýören ýeriňden alyp, Öz halkym Ysraýylyň hökümdary etdim. Nirä gitseň ýanyňda boldum, öňüňdäki ähli duşmanlaryňy gyryp taşladym. Indi bolsa ýer ýüzündäki beýik adamlaryň ady kimin seniň adyňy belende göterjek. Öz halkym Ysraýyl üçin bir ýer taýynlap, olary şol ýerde ýerleşdirjek. Şeýdip, olar öz ýerlerinde ýaşarlar. Mundan beýläk olaryň rahatlygy bozulmaz. Halkym Ysraýyla serdarlar bellän döwrümden bäri sütem edişleri ýaly, betgylyk adamlar indi olara sütem etmezler. Men seni ähli duşmanlaryňdan gorap saklajak. Men-Reb seniň üçin bir öý bina etjekdigimi jar edýärin. Peýmanyň dolup, ata-babalaryňa gowşanyňda, ýeriňe öz ogluňy, öz biliňden önen zürýadyňy tagta çykaryp, onuň patyşalygyny kuwwatlandyraryn. Meniň üçin öýi ol gurar. Men onuň şalyk tagtyny baky berkarar ederin. Men oňa Ata, ol bolsa Maňa ogul bolar. Günä gazanaýsa welin, ony atanyň ogluny taýak bilen jezalandyryşy ýaly, Men hem ony jezalandyraryn. Ýöne Şawuly mahrum edişim ýaly, ony Öz sadyk söýgimden mahrum etmerin. Seniň nesliň hem şalygyň Meniň huzurymda baky berkarar bolar. Şalyk tagtyň baky dowam eder“». Dawut öz köşgünde ornaşandan soň, Natan pygambere: «Seret, men-ä kedr agajyndan gurlan köşkde ýaşaýaryn, Rebbiň Äht sandygy bolsa çadyrda dur» diýdi. Natan Dawuda: «Islän zadyňy ediber, sebäbi Hudaý seniň bilendir» diýdi. Emma hut şol gije Natana Rebbiň şu sözi aýan boldy: «Bar, gulum Dawuda Reb şeýle diýýär diý: „Maňa mesgen tutar ýaly öýi sen gurmaly dälsiň. Men ysraýyl halkyny Müsürden alyp çykan günümden bäri öýde mesgen tutmadym; çadyrymy ondan-oňa göçürip ýaşap ýördüm. Tutuş Ysraýyl bilen bolan ýerlerimiň ählisinde Öz halkyma baştutanlyk etmegi buýran Ysraýyl serdarlarynyň hiç birinden näme üçin Maňa kedr agajyndan öý gurmandyklaryny soramadym“. Indi sen Meniň gulum Dawuda Hökmürowan Reb ýene-de şeýle diýýär diý: „Men seni meýdanda goýun bakyp ýören ýeriňden alyp, Öz halkym Ysraýylyň hökümdary etdim. Nirä gitseň ýanyňda boldum, öňüňdäki ähli duşmanlaryňy gyryp taşladym. Indi bolsa ýer ýüzündäki beýik adamlaryň ady kimin seniň adyňy belende göterjek. Öz halkym Ysraýyl üçin bir ýer taýýynlap, olary şol ýerde ýerleşdirjek. Şeýdip, olar öz ýerlerinde ýaşarlar. Mundan beýläk olaryň rahatlygy bozulmaz. Halkym Ysraýyla serdarlar bellän döwrümden bäri sütem edişleri ýaly, betgylyk adamlar indi olara sütem etmezler. Men ähli duşmanlaryňy boýun egdirerin. Men-Reb seniň üçin bir öý bina etjekdigimi jar edýärin. Peýmanyň dolup, ata-babalaryňa gowşanyňda, ýeriňe öz ogluňy, öz biliňden önen zürýadyňy tagta çykaryp, onuň patyşalygyny kuwwatlandyraryn. Meniň üçin öýi ol gurar, Men onuň şalyk tagtyny baky berkarar ederin. Men oňa Ata bolaryn, ol bolsa Maňa ogul bolar. Senden öň bolan Şawuly mahrum edişim ýaly, ony Öz sadyk söýgimden mahrum etmerin. Men ony Öz öýümde hem-de şalygymda baky goýaryn. Şalyk tagty baky dowam eder“». Kakam Dawut Ysraýyl Hudaýy Rebbe ybadat üçin öý gurmagy ýüregine düwüpdi. Emma Reb kakam Dawuda: „Maňa ybadat üçin öý gurmagy ýüregiňe düwmek bilen sen gowy etdiň; ýöne şeýle-de bolsa, öýi sen gurmarsyň. Seniň biliňden önen ogluň Maňa ybadat üçin öý gurar“ diýdi. Ýa Reb, ýatla Dawudy hem-de onuň çeken jepalaryny, onuň Rebbe wada berşini, Ýakubyň Gudratly Hudaýyna äht edişini: «Reb üçin bir ýer, Ýakubyň Gudratly Hudaýyna mesgen tapýançam, öýüme girmerin, düşegime geçip ýatmaryn, gözlerime uky bermerin, gabaklarymy ymyzgandyrmaryn». «Reb üçin bir ýer, Ýakubyň Gudratly Hudaýyna mesgen tapýançam, öýüme girmerin, düşegime geçip ýatmaryn, gözlerime uky bermerin, gabaklarymy ymyzgandyrmaryn». «Reb üçin bir ýer, Ýakubyň Gudratly Hudaýyna mesgen tapýançam, öýüme girmerin, düşegime geçip ýatmaryn, gözlerime uky bermerin, gabaklarymy ymyzgandyrmaryn».
Выбор основного перевода