Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýusup hyzmatkärleriniň öňünde mundan artyk saklanyp bilmän: «Hemmeleri şu ýerden çykar» diýip gygyrdy. Ýusup öz doganlaryna syryny açanda, onuň ýanynda doganlaryndan başga adam ýokdy. Ýusup ses edip aglady. Onuň sesi müsürlilere we faraonyň köşgündäkilere eşidildi. Ýusup doganlaryna: «Men Ýusup, kakam dirimi?» diýdi. Emma onuň doganlary muny eşidende, olaryň Ýusupdan gorkularyndan ýaňa dilleri tutuldy. Ýusup olara: «Golaýragyma gelseňizläň» diýdi. Olar Ýusubyň golaýyna geldiler. Ol sözüni dowam edip, şeýle diýdi: «Men siziň Müsüre satan doganyňyz Ýusupdyryn. Ýusubyň doganlarynyň gelendigi hakyndaky habar faraonyň köşgüne baryp ýetdi. Muňa patyşa-da, onuň emeldarlary-da begendiler.
Выбор основного перевода