Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Babyl patyşasy Ýehoýakynyň ýerine agasy Matanýany patyşa edip, adyny üýtgedip, ony Sidkiýa diýip atlandyrdy. Müsür patyşasy Neko Iýerusalimde Ýehogahazy tagtdan agdaryp, ýurda bir ýüz ýetmiş batman kümüş, bir ýarym batmana golaý hem altyn salgyt saldy. Ol Ýehogahazyň dogany Elýakymy onuň ýerine Ýahuda we Iýerusalime patyşa edip, onuň adyny Ýehoýakym diýip üýtgetdi. Onsoň Neko patyşa Ýehogahazy alyp, Müsüre geldi. Kakasy Ýoşyýanyň ýerine Ýahudanyň patyşasy bolan we ol ýerden çykyp gaýdan Şallum hakynda Reb şeýle diýýär: „Ol bu ýere indi öwrülip gelmez. Ýesir edilip äkidilen ýerinde öler we bu ýurdy gaýdyp görmez“. Çagalaryndan birisi şir arslan bolup ýetişdi, awuny parçalamagy öwrendi, adamlary iýdi. Milletler ol barada eşitdiler. Ony duzagyna düşürdiler, çeňňege ildirip, Müsüre getirdiler. Baş gözegçi olaryň adyny üýtgetdi. Danyýele Belteşasar, Hananýa Şadrak, Mişaýyla Meýşak, Azarýa Abednego diýip at goýdy.
Выбор основного перевода