Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şeýdip, Ýoşyýa patyşanyň nökerleri ony söweş arabasyndan alyp, özüniň ikinji bir söweş arabasyna mündürip, Iýerusalime getirdiler. Ýoşyýa Iýerusalimde dünýäden ötüp, atalarynyň gonamçylygynda jaýlanyldy. Bütin ýahuda we Iýerusalim halky Ýoşyýa üçin ýas tutdular. Ýurduň halky Ýoşyýanyň ogly Ýehogahazy alyp, kakasynyň ýerine patyşa etdi. Ýehogahaz patyşa bolanda ýigrimi üç ýaşyndady. Ol Iýerusalimde üç aý patyşalyk etdi. Müsür patyşasy Neko Iýerusalimde Ýehogahazy tagtdan agdaryp, ýurda bir ýüz ýetmiş batman kümüş, bir ýarym batmana golaý hem altyn salgyt saldy. Ol Ýehogahazyň dogany Elýakymy onuň ýerine Ýahuda we Iýerusalime patyşa edip, onuň adyny Ýehoýakym diýip üýtgetdi. Onsoň Neko patyşa Ýehogahazy alyp, Müsüre geldi. Müsür patyşasy Neko Iýerusalimde Ýehogahazy tagtdan agdaryp, ýurda bir ýüz ýetmiş batman kümüş, bir ýarym batmana golaý hem altyn salgyt saldy. Ol Ýehogahazyň dogany Elýakymy onuň ýerine Ýahuda we Iýerusalime patyşa edip, onuň adyny Ýehoýakym diýip üýtgetdi. Onsoň Neko patyşa Ýehogahazy alyp, Müsüre geldi.
Выбор основного перевода