Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Öz perzentleriňden hiç birini Molek buty üçin gurbanlyk etme. Çünki şeýle etmek bilen sen öz Hudaýyň adyna ysnat getirersiň. Men Rebdirin. Siziň araňyzda hiç kim ogluny ýa-da gyzyny oda ýakyp, gurbanlyk bermesin. Palçylyk etmäň, müneçjim ýa-da bilgiç bolmaň, jadygöýlik etmäň. Araçäk Tapuwadan çykyp, günbatara Kana jülgesine tarap uzalyp gidýär-de, Ortaýer deňzine ýetip gutarýar. Ine, efraýym ýarym tiresine olaryň uruglaryna görä berlen ýerler şulardan ybarat. Jesetler ýakylýan bir ýer taýynlandy, hawa, ol patyşa üçin taýynlandy; ol ýer çuňňur hem giň edildi, ol odun bilen dolduryldy. Kükürt akymy kimin ony ýandyrar Rebbiň demi. Ogul-gyzlaryny oda ýakyp, gurbanlyk etmek üçin, Benhinnom deresinde Topet seždegählerini gurdular. Beýle işi Men olara buýurmadym, beýtmek kelläme-de gelmedi. Şonuň üçin hem şeýle günler geler, muny Reb aýdýandyr, ol ýere Topet ýa-da Benhinnom deresi diýilmän, Ölüm jülgesi diýler. Topetde ölüleri jaýlamak üçin ýer galmaz. Olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Küýzegäriň küýzesiniň döwlüşi ýaly, ony täzeden bejerip bolmaýşy ýaly, Men hem bu halky we şäheri şeýdip döwerin. Topetde ölüleri jaýlamak üçin ýer galmaz. Men bu ýeri hem, onuň ilatyny hem şeýle ederin. Bu şäheri edil Topet ýaly ederin. Muny Reb aýdýandyr. Iýerusalimiň öýleri-de, Ýahudanyň patyşalarynyň köşkleri-de Topet ýaly murdar saýylar. Çünki bu öýleriň ählisiniň üçeginde asman jisimlerine ýakymly ysly tütetgiler ýakdylar, başga hudaýlara içgi sadakasyny hödürlediler“». Onsoň Ýermeýa özüni Rebbiň pygamberlik etmek üçin iberen ýeri bolan Topetden geldi. Ol Rebbiň öýüniň howlusynda durup, tutuş halka şeýle diýdi:
Выбор основного перевода