Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ysraýyl halkyna aýt, goý, şu aýyň onunjy güni her bir maşgalabaşy öz hojalygy üçin soýmaga bir janly saýlap alsyn. Eger bir hojalyk bir janlyny iýerden kiçi bolsa, onda olar özleriniň iň ýakyn goňşusy bilen bilelikde, hersiniň maşgala agzalaryna görä bir janlyny öz aralarynda paýlaşsynlar. Janlyňyz hiç hili şikessiz bolmalydyr. Muňa siz birýaşar tokly ýa-da birýaşar çebiş saýlap bilersiňiz. Siz ony şu aýyň on dördi gününe çenli saklaň we şol gün gije bütin ysraýyl jemagatynyň hersi öz saýlap goýan janlysyny soýup öldürer. Soňra olar janlynyň ganyndan alyp, onuň eti iýiljek öýleriň gapylarynyň ikiýan söýesine hem-de üstki söýesine çalsynlar. Olar şol gije janlynyň etini otda kebap edip, petir we ajy gök otlar bilen iýsinler. Onuň etini bişirmän, çigligine ýa-da suwda gaýnadyp iýmäň. Ony diňe tutuşlygyna kellebaşaýagy we içgoşlary bilen birlikde otda kebap edip iýiň. Daňdana çenli ondan hiç zat galdyrman iýiň. Eger ertire çenli iýilmän artyp galsa, şol galan-gaçanlary otda ýakyň. Siz ony şu ýagdaýda iýmelisiňiz: ýol geýimiňiz egniňize, çarygyňyz aýagyňyza geýlen bolsun, hasaňyz eliňizde bolsun. Şeýle hem, siz ony çaltlyk bilen iýmelisiňiz. Bu Rebbiň Pesahydyr. «Ysraýyllar kesgitlenen wagtda Pesah baýramyny bellesinler. Şu aýyň on dördüne, bellenen wagtda, agşamara ony ähli düzgünlere we kada-kanuna laýyklykda geçirsinler». Şeýlelikde, Musa ysraýyllara Pesah baýramyny bellemelidiklerini aýtdy. Reb Özüne ybadat edilmegi üçin saýlajak ýerinde dowarlaryňyzdan we mal-garalaryňyzdan Hudaýyňyz Rebbe Pesah gurbanlygyny beriň. Gurbanlyk etini hamyrmaýaly çörek bilen iýmeli däldir. Ony ýedi günläp petir bilen, ýagny ezýet çöregi bilen iýiň. Çünki siz Müsürden howlukmaç çykyp gaýtdyňyz. Şonuň üçin hem Müsürden çykyp gaýdan günüňizi ömürboýy ýatlarsyňyz. Ýedi günüň dowamynda ýaşaýan ýeriňizde hiç hili hamyrmaýa görünmesin. Birinji güni ikindinara öldüren gurbanlygyňyzyň etinden ertire galmasyn. Pesah gurbanlygyny bermäge Hudaýyňyz Rebbiň size berjek galalarynyň hemmesinde rugsat berilmeýär. Ony Hudaýyňyz Rebbiň Özüne ybadat edilmegi üçin saýlajak ýerinde beriň. Pesah gurbanyny diňe şol ýerde, Müsürden çykan günüňizdäki wagtda, agşamara Gün ýaşar wagtlary beriň. Siz ony Hudaýyňyz Rebbiň saýlajak ýerinde bişirip iýiň. Ertesi güni yzyňyza – çadyrlaryňyza gaýdyberiň. Alty günläp petir iýiň, ýedinji gün bolsa Hudaýyňyz Reb üçin mukaddes ýygnanyşyk ediň, başga hiç iş etmäň. Ýoşyýa Iýerusalimde Reb üçin Pesah baýramyny tutdy. Birinji aýyň on dördüne Pesah janlysyny soýmagy karar etdi. Ol ruhanylary öz wezipelerinde goýup, Rebbiň öýüniň hyzmatynda olary ruhlandyrdy. Ýoşyýa Reb üçin bagyş edilip, bütin ysraýyl halkyna tälim beren lewilere şeýle diýdi: «Mukaddes sandygy Ysraýyl patyşasy Dawudyň ogly Süleýmanyň guran öýünde goýuň. Mundan beýläk ony gerşiňizde götermekligiň geregi ýokdur. Indi Hudaýyňyz Rebbe we Onuň halky Ysraýyla hyzmat ediň. Ysraýyl patyşasy Dawudyň we onuň ogly Süleýmanyň ýazgylarynda görkezilişi ýaly, uruglaryňyza, bölümleriňize görä taýýarlanyň. Kowumdaşlaryňyz bolan halkyň uruglaryna we lewileriň uruglaryna görä mukaddes ýerde topar-topar bolup duruň. Pesah janlysyny soýuň; iniňizi tämizläp, Rebbiň Musanyň üsti bilen beren sözüni amal eder ýaly, doganlaryňyz üçin taýýarlyk görüň». Ýoşyýa Pesah gurbanlygy üçin şol ýerdäki halkyň ählisine otuz müň owlak-guzy hem-de üç müň öküz berdi. Bularyň ählisi onuň öz mallaryndandy. Patyşanyň baştutanlary hem halka, ruhanylara we lewilere meýletin sadakalar berdiler. Hudaýyň öýüniň baştutanlary bolan Hilkiýa, Zakarýa we Ýehiýel dagy ruhanylara Pesah gurbanlyklary üçin iki müň alty ýüz owlakdyr guzy we üç ýüz öküz berdiler. Lewileriň baştutany bolan Konanýa hem onuň doganlary Şemagýa, Netanel, Haşabýa, Ýegiýel we Ýozabat dagy lewilere Pesah gurbanlygy üçin bäş müň owlakdyr guzy we bäş ýüz öküz berdiler. Hyzmat işi ýerine ýetirilip bolansoň, patyşanyň tabşyrygy boýunça ruhanylar öz ýerlerinde we lewiler hem öz bölümlerinde durdular. Olar Pesah janlysyny soýdular, ruhanylar-da özlerine berlen gany serpdiler; lewiler bolsa janlylaryň derilerini soýdular. Onsoň ýakma gurbanlyklary halkyň uruglaryna görä paýlamak üçin bir gapdalda goýdular, Musanyň kitabynda ýazylyşy ýaly, halk Rebbe ýakma gurbanlyklary hödürlediler Olar öküzler bilen-de şeýle etdiler. Olar Pesah janlysyny düzgün boýunça otda kebap etdiler. Mukaddes sadakalary-da gazanlarda, pitilerde we tabalarda bişirip, dessine bütin halka paýladylar. Mundan soň, lewiler özleri we ruhanylar üçin taýýarlyk gördüler, çünki Harunyň neslinden bolan ruhanylar agşama çenli ýakma gurbanlyklaryny we ýaglary hödürlemek bilen meşgul boldular. Şeýdip, lewiler özleri we Harunyň neslinden bolan ruhanylar üçin taýýarlyk gördüler. Asafyň nesillerinden bolan aýdymçylar Dawudyň, Heýmanyň we patyşanyň görgüri Ýedutunyň tabşyrygyna görä öz ýerlerindediler. Her derwezede derwezebanlar bardy. Garyndaşlary lewileriň olar üçin taýýarlyk görendikleri üçin, olara hyzmatlaryndan gitmek gerek däldi. Ýoşyýa patyşanyň tabşyrygyna görä Pesah baýramyny bellemek we Rebbiň gurbanlyk sypasynda ýakma gurbanlyklary hödürlemek üçin, şol gün Rebbiň bar hyzmatyna şeýle taýýarlyk görüldi. Ol ýerde bolan ysraýyl halky şol wagt Pesah baýramyny we Petir baýramyny ýedi günläp belledi.
Выбор основного перевода