Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb Öz gullary pygamberler arkaly şeýle diýdi: «Ýahuda patyşasy Manaşa nejis işleri bilen özünden ozalky amorlaryň eden işlerinden-de has beter pis işleri etdi we öz butlary bilen Ýahuda günä etdirdi. Hakykatdan-da, Rebbiň emri bilen ýahuda halkynyň başyna külpet indi. Manaşanyň bar eden günäleri we pis işleri hem-de onuň döken bigünä gany üçin Reb ýahuda halkyny huzuryndan kowmakçy boldy. Manaşanyň Iýerusalimi bigünä gandan doldurandygy zerarly Reb onuň günäsini geçmek islemedi. Hakykatdan-da, Rebbiň emri bilen ýahuda halkynyň başyna külpet indi. Manaşanyň bar eden günäleri we pis işleri hem-de onuň döken bigünä gany üçin Reb ýahuda halkyny huzuryndan kowmakçy boldy. Manaşanyň Iýerusalimi bigünä gandan doldurandygy zerarly Reb onuň günäsini geçmek islemedi. Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň ogly Manaşanyň Iýerusalimde eden işlerinden ýaňa bütin dünýäniň patyşalyklaryny howp astyna salaryn.
Выбор основного перевода