Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Tagnakda we Megido suwlarynyň ýakasynda Kengan hanlary gelip söweşdiler; emma olar ne kümüş, ne olja gazandylar. Ýahuda patyşasy Ahazýa muny görüp, Beýthagana tarap gaçdy. Ýehu onuň yzyndan kowup: «Ahazýany-da atyň» diýdi. Olar Iblegam galasynyň golaýyndaky Gur ýapgydynda Ahazýany arabasynyň üstünde atyp ýaraladylar. Onsoň Ahazýa Megido gaçyp baryp, şol ýerde öldi. Ahazýanyň hyzmatkärleri onuň jesedini arabada Iýerusalime getirip, ony şol ýerde Dawut galasynda öz guburynda, atalarynyň ýanynda jaýladylar. Ýoşyýa patyşa öýüň dikeldiş işlerini tamamlandan soň, Müsür patyşasy Neko söweşmek üçin Ýewfrat derýasynyň boýundaky Karkemişe gitdi. Ýoşyýa hem Müsür patyşasyny garşylamaga gitdi. Emma Müsür patyşasy Ýoşyýa çaparlar ýollap: «Eý, Ýahuda patyşasy, seniň bilen meniň näme işim bar!? Bu gün men seniň garşyňa uruşmaga gelemok-da, özüm bilen uruşda bolan ýurduň garşysyna uruşmaga gelýärin. Hudaý maňa howlukmagy buýurdy. Hudaý meniň tarapymdadyr, sen Oňa garşy çykmagyňy bes et, ýogsam Ol seni heläklär» diýdi. Emma Ýoşyýa ondan el çekmän, gaýtam onuň garşysyna uruşmak üçin tanalmaz ýaly eşige girdi. Ýoşyýa Nekonyň Hudaý tarapyndan aýdan sözlerine gulak asman, onuň bilen uruşmak üçin Megido düzlügine çykdy. Ýaýçylar Ýoşyýa patyşa tarap ok atdylar. Patyşa öz nökerlerine: «Meni bu ýerden äkidiň, men agyr ýaralandym» diýdi. Şeýdip, Ýoşyýa patyşanyň nökerleri ony söweş arabasyndan alyp, özüniň ikinji bir söweş arabasyna mündürip, Iýerusalime getirdiler. Ýoşyýa Iýerusalimde dünýäden ötüp, atalarynyň gonamçylygynda jaýlanyldy. Bütin ýahuda we Iýerusalim halky Ýoşyýa üçin ýas tutdular. Bu Müsür hakdadyr. Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň şalygynyň dördünji ýylynda, Babyl patyşasy Nebukadnesaryň Ýewfrat derýasynyň ýakasyndaky Karkemişde Müsür patyşasy faraon Nekonyň goşunyny derbi-dagyn etjekdigi hakyndaky habardyr: Şol gün Iýerusalimde tutuljak ýas Megido düzlügindäki Hadatrimmonda tutulan ýas ýaly agyr bolar.
Выбор основного перевода