Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Kimde-kim ýeke-täk Rebden başga hudaýa gurbanlyk berse, bütinleý ýok edilsin. Ylýas olara: «Bagalyň pygamberlerini tutuň, olaryň ýekejesi-de gaçmasyn» diýdi. Adamlar olaryň baryny tutdular. Ylýas Bagalyň pygamberlerini Kişon çeşmesine getirip, olary şol ýerde öldürdi. Onsoň ýurduň bütin halky Bagalyň buthanasyna baryp, ony ýykdy. Ondaky gurbanlyk sypalaryny, butlary döwüp, bölek-bölek edip taşladylar. Olar Bagalyň ruhanysy Mattany gurbanlyk sypalarynyň öňünde öldürdiler. Onsoň Ýehoýada ruhany Rebbiň öýüne garawullar goýdy. Şeýle hem, Ýoşyýa ruhanylaryň süňklerini öz gurbanlyk berilýän sypalarynda ýakyp, Ýahudany we Iýerusalimi arassalady.
Выбор основного перевода