Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Eger lewi tiresinden biri Ysraýylda öz ýaşaýan galasyny taşlap, Rebbiň saýlajak ýerine barsa (ol islän wagty baryp bilýär), ol ýerde Rebbiň huzurynda durup hyzmat edýän ähli lewi doganlary ýaly, Hudaýy Rebbiň adyndan hyzmat etsin. Öý goşlaryny satyp alan girdejisine garamazdan, onuň iýmäge deň paýy bardyr. Ýöne Ysraýylyň ýoldan çykan döwri Menden aýrylyp, erbet ýola düşen, öz butlarynyň yzyna eýeren lewiler etmişleriniň jezasyny çekerler. Bu lewiler öýümiň derwezelerinde gözegçilik edip, onda hyzmatkär bolarlar, Meniň mukaddes öýümde hyzmat ederler; ýakma gurbanlygynyň we halkyň beýleki gurbanlyklarynyň malyny soýarlar, halkyň hyzmatyny ýerine ýetirmek üçin olaryň öňünde durarlar. Olar ýasan butlarynyň öňünde ysraýyl halkyna hyzmat etdiler, ysraýyl halkynyň ýazykly bolmagyna sebäpkär boldular. Şonuň üçin hem Men-Reb olaryň öz etmişleriniň jezasyny çekjekdigine ant içdim, muny Hökmürowan Reb diýýär. Olar ruhany hökmünde Maňa gulluk etmek üçin golaýyma gelmesinler, mukaddes sadakalarymyň, iň mukaddes zatlaryň hiç birine ýakynlaşmasynlar, olar diňe öz eden nejis işleriniň utançlaryny çekerler. Men olary öýüň ähli hyzmaty üçin, onda edilmeli ähli işleri goramak üçin bellärin.
Выбор основного перевода