Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şeýdip, Rahel dünýäden ötdi. Ol Efrata, ýagny Beýtullahama gidilýän ýoluň gyrasynda jaýlanyldy. Ýakup Raheliň guburynyň üstünde bir uly daş dikdi. (Şol daş Raheliň guburynyň üstünde şu güne çenli hem dur.) Bir gün Şawulyň kakasy Kiş öz urkaçy eşeklerini ýitirdi. Ol Şawula: «Hyzmatkärlerden birini ýanyňa al-da, eşekleriň gözlegine çyk» diýdi. Olar Efraýym daglygynyň we Şalyşa topragynyň içinden geçdiler, ýöne olar eşekleri tapmadylar. Soňra olar Şagalym topragynyň içinden geçdiler, ýöne ol ýerden hem eşekler tapylmady. Onsoň olar benýamin topragynyň içinden geçdiler, ýöne eşeklerden derek tapyp bilmediler. Olar Sup topragyna ýetenlerinde, Şawul ýanyndaky hyzmatkärine: «Yzymyza gaýdaly, ýogsam, kakam eşeklere derek bizi gaýgy edip başlar» diýdi.
Выбор основного перевода