Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şonuň üçin hem ertir irden öz ähli tireleriňiz aýry-aýrylykda tire-tire bolup öňe çyksyn. Meniň görkezen tiräm urug--urug bolup öňe çyksyn. Meniň görkezen urugym bolsa maşgala-maşgala bolup öňe çyksyn. Meniň görkezen maşgalam bolsa, goý, her biri ýeke-ýekeden öňe çyksyn. Ýeşuwa ertesi säher bilen turdy we ähli ysraýyllara tire-tire bolup öňe çykmaklaryny buýurdy we ýahuda tiresi görkezildi. Soňra ýahuda tiresiniň uruglaryna öňe çykmaklaryny buýurdy we Zeranyň urugy görkezildi. Soňra Zeranyň urugy maşgala-maşgala bolup öňe çykdy we Zabdynyň maşgalasy görkezildi. Onsoň ysraýyl halky patyşa talap etdi. Hudaý olara Kişiň ogly Şawuly patyşa edip berdi. Benýamin tiresinden bolan Şawul kyrk ýyl höküm sürdi.
Выбор основного перевода