41
Soňra Şawul: «Eý, Ysraýyl Hudaýy Reb! Näme üçin Sen bu gün Öz guluňa jogap bermeýärsiň? Eger oglum Ýonatan ikimiziň birden birimiz ýazykly bolsak, onda Urymy ber, eger-de Öz halkyň Ysraýyl günäkär bolsa, onda Tummymy ber, ýa Ysraýyl Hudaýy Reb» diýdi. Şeýlelikde, gurra taşlanyldy. Gurra Şawul bilen onuň ogly Ýonatana düşdi, halk bolsa bigünä bolup çykdy.