Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýadygärlik diken bu dikme daşymy Hudaýyň öýi diýip hasaplaryn. Eý, Hudaý, Seniň maňa beren her bir zadyň ondan birini men Saňa bererin». Hudaý Ýakuba: «Beýtele git-de, şol ýerde mesgen tut. Doganyň Ysawdan gaçyp barýarkaň, özüňe görnen Hudaýa gurbanlyk sypasyny ýasa» diýdi. Geliň, Beýtele gideliň. Ol ýerde hasratly günümde maňa kömek eden we giden ýerimde meniň bilen bolan Hudaýa gurbanlyk sypasyny ýasaýyn» diýdi. Ýakup ol ýerde gurbanlyk sypasyny ýasap, ol ýeri «Beýteliň Hudaýy» diýip atlandyrdy, sebäbi Ýakup doganyndan gaçyp barýarka, Hudaý Özüni şol ýerde oňa aýan edipdi. Rebekanyň enekesi Debora aradan çykdy we ol Beýteliň golaýyndaky dub agajynyň düýbünde jaýlandy. Şeýdip, bu agaç Alon-bakut diýlip atlandyryldy.
Выбор основного перевода