Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Bir gün Şawulyň kakasy Kiş öz urkaçy eşeklerini ýitirdi. Ol Şawula: «Hyzmatkärlerden birini ýanyňa al-da, eşekleriň gözlegine çyk» diýdi. Olar Efraýym daglygynyň we Şalyşa topragynyň içinden geçdiler, ýöne olar eşekleri tapmadylar. Soňra olar Şagalym topragynyň içinden geçdiler, ýöne ol ýerden hem eşekler tapylmady. Onsoň olar benýamin topragynyň içinden geçdiler, ýöne eşeklerden derek tapyp bilmediler. Olar Sup topragyna ýetenlerinde, Şawul ýanyndaky hyzmatkärine: «Yzymyza gaýdaly, ýogsam, kakam eşeklere derek bizi gaýgy edip başlar» diýdi. Hyzmatkär oňa şeýle jogap berdi: «Ine, şu galada sylag-hormatly bir Hudaýyň adamy bar. Onuň aýdany hemişe dogry bolup çykýar. Ýör, şonuň ýanyna gideli. Belki, ol bize gitmeli ýolumyzy salgy berer». Ahymagasyň gyzy Ahynogam Şawulyň aýalydy. Agasy Neriň ogly Abner onuň goşunbaşysydy.
Выбор основного перевода