24
Aşpez bir budy üstüniň ýagy bilen bile getirip, Şawulyň öňünde goýdy. Şamuwel Şawula: «Ine, şu paý seniň üçin goýuldy. Al, iýiber, men muny ýörite seniň üçin goýdurdym, bu myhmanlary bolsa seniň bilen bile nahar iýmäge çagyrdym» diýdi. Şeýdip, ol gün Şawul Şamuwel bilen bile naharlandy.