Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Dawudyň dosty ark urugyndan bolan Huşaý Abşalomyň ýanyna baryp: «Patyşanyň ömri uzak bolsun! Patyşanyň ömri uzak bolsun!» diýdi. Olar: «Bizi tutuş Ysraýyldan çykarmak islän we dyr-pytrak eden adamyň neslinden bolan ýedi adamy biziň elimize ber. Biz olary Reb tarapyndan saýlanan Şawulyň Gibga galasynda Rebbiň huzurynda öldürip, Günüň astynda serjek» diýdiler. Patyşa olara: «Bolýar, men olary size bereýin» diýdi. Adonyýa bu gün gidip, birtopar semiz öküzçeleri we mallary, goýunlary gurbanlyk berip, patyşanyň ogullarynyň baryny, goşun serkerdelerini we Abýatar ruhanyny çagyrdy. Olar Adonyýa bilen bile iýip-içip: „Ýaşasyn Adonyýa patyşa!“ diýýärler. Onsoň Ýehoýada Ahazýa patyşanyň ogly Ýowaşy daşary çykaryp, başyna täç geýdirip, oňa patyşalyk ähtiň nusgasyny berdi. Ýowaşyň başyna ýag guýup, ony patyşalyga bellediler. Garawullar Ýowaşy patyşa diýip yglan etdiler. Olar el çarpyşyp: «Ýaşasyn patyşa!» diýip gygyryşdylar. Ol şeýle hem, ähli galalarda uly galkanlary we naýzalary goýup, olary has berkitdi. Ýahuda bilen benýamin Rehabgamyňkydy.
Выбор основного перевода