Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Dawut Rebden: «Gidip, piliştliler bilen söweşeýinmi?» diýip sorady. Reb Dawuda: «Bar, piliştliler bilen söweşe gir-de, Kegilany halas et» diýip jogap berdi. Dawut ýene Rebbe ýüz tutdy. Reb oňa: «Hawa, Kegila git, piliştlileri seniň eliňe berjek» diýdi. Şawulyň niýetiniň ýamandygyny bilende, Dawut ruhany Abýatara: «Efody getir, Hudaýyň islegini bileli» diýdi. Dawut: «Eý, Ysraýyl Hudaýy Reb! Şawulyň men guluň sebäpli Kegilany ýok etmek üçin gelýändigini eşitdim. Indi şeýdip, Öz guluňyň eşidişi ýaly, Şawul gelermi? Eý, Ysraýyl Hudaýy Reb, guluňa aýdaý!» diýdi. Reb: «Ol geler» diýdi.
Выбор основного перевода