Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb Musa: «Bu ýeňşi ýatdan çykarmazlary ýaly kitaba ýaz we Ýeşuwa hem eşitdirip aýt, Men amalekleriň tohum-tijini ýer ýüzünden süpürip taşlajakdyryn» diýdi. Siz Hudaýyňyz Rebbiň özüňize berjek ýurduny mülk edinip, ol ýerde ornaşanyňyzda: „Biz hem daş-töweregimizdäki beýleki halklar ýaly özümize patyşa saýlalyň“ diýersiňiz. Siz özüňize diňe Hudaýyňyz Rebbiň saýlan adamyny patyşa edip belläň. Saýlan patyşaňyz öz ysraýyl doganlaryňyzyň biri bolsun. Ysraýyl doganyňyzdan bolmadyk keseki ýurtlyny özüňize patyşa saýlamaň. Patyşa özi üçin köp at edinmesin ýa-da özüne köp at edinmek üçin, yzyna Müsüre adamlaryny ibermesin. Çünki Reb size: „Indi siz hiç haçan yzyňyza dolanmarsyňyz“ diýipdi. Ýüreginiň Rebden dönmezligi üçin, patyşa özüne köp aýal, şeýle hem, köp möçberde altyn-kümüş edinmesin. Ol şalyk tagtynda oturanda, lewi ruhanylarynda saklanýan Hudaýyň Kanunynyň täze göçürmesini alsyn. Goý, ol bu Kanunyň göçürmesini ýanynda saklasyn we ony ömrüniň ähli günlerinde okasyn. Şonda ol öz Hudaýy Rebden gorkup, bu Kanunyň ähli sözlerini we parzlaryny yhlas bilen ýerine ýetirer. Ol özüni beýleki ysraýyl doganlaryndan ýokary saýmasyn we bu buýrukdan saga-da, çepe-de sowulmasyn. Şonda onuň we nesilleriniň şalygy Ysraýylda uzak ýyllar höküm sürer. Ýeşuwa şeýle hem bu sözleri Hudaýyň Kanun kitabyna ýazdy. Soňra ol äpet bir daşy alyp, Rebbiň mukaddes ýerindäki dub agajynyň düýbünde goýdy. Ol bulara şeýle diýdi: «Siziň üstüňizden höküm sürjek patyşa ogullaryňyzy goşunda gulluk etmäge mejbur eder: olaryň käbirleri söweş arabalarynyň sürer, käbirleri bolsa şanyň söweş arabalaryň öňünden ylgar. Ol özi üçin müňbaşylar we ellibaşylar bellär. Kimsine öz ýerlerini agdardar, hasylyny ýygnadar, kimsine bolsa, uruş enjamlaryny we öz söweş arabalarynyň şaýlaryny ýasadar. Gyzlaryňyzy alyp, atyr ýasadar, aşpez eder, çörek bişirder. Şa siziň iň saýlama ýerleriňizi, üzümçilikleriňizi, zeýtun baglaryňyzy eliňizden alyp, öz hyzmatkärlerine berer. Öz goşunbaşylarydyr hyzmatkärlerine bermek üçin, galla hem-de üzüm hasylyňyzyň ondan bir bölegini eliňizden alar. Ol sizi gul-gyrnaksyz goýar, iň saýlama mal-garalaryňyzy we eşekleriňizi alyp, olary öz hajatlary üçin ulanar. Dowarlaryňyzyň-da ondan birini alar, özüňiz bolsa onuň guluna öwrülersiňiz. Şonda siz öz saýlap-seçen patyşaňyzyň elinden dady-perýat edersiňiz. Emma ol gün Reb siziň dadyňyza ýetişmez».
Выбор основного перевода